Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri «Merkezi Aziýada bitewi saglyk» Hereketleriň çarçuwaly maksatnamasyny tassyklamaga bagyşlanan sebitleýin maslahata gatnaşdylar. Maslahat Bütindünýä banky tarapyndan guraldy diýip, «UzDaily.uz» habar berýär. Bu maksatnama adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygyny berkitmek boýunça pudagara sebitleýin hyzmatdaşlyga esas döredýär diýip, çeşme belleýär. «Çarçuwaly maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda pandemiýa taýynlygy we oňa garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ädimdir. Adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygyny goramak üçin sebitdäki ähli ýurtlaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur bolup durýar» diýip, maslahatda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Tatýana Proskurýakowa belledi. Şeýle hem ol Bütindünýä bankynyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge kömek edýändigine buýsanýandygyny we «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek üçin zerur maýa goýumlaryny çekmäge taýýardygyny nygtady. Belläp geçsek, «Merkezi Aziýada bitewi saglyk» Hereketleriň çarçuwaly maksatnamasy oba hojalygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we sebit söwdasyny giňeltmäge, şeýle hem haýwan önümleriniň dünýä bazarlaryna eksport edilmegine kömek etjek ugurlary kesgitleýär. Mundan başga-da, «Bitewi saglyk» konsepsiýasy Merkezi Aziýada ekoulgamlaryň saglygyny berkitmek arkaly biodürlüligi we landşaftlaryň öndürijiligini gorap biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir