Aşgabatda geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekildi. Resminama ulaglarda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda amatly nyrh şertlerini döretmegi, degişli düzümleriň işini sazlaşdyrmagy, deslapky we beýleki maglumatlary alyşmak üçin sanly çözgütleri girizmegi we beýleki işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Iş toparynyň mejlisinde türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, gazak tarapyna bolsa ýurduň ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda gara ýol, demir ýol we deňiz ulaglary babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we logistika guramalaryna goldaw meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem ulag ulgamynyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekilleriniň arasynda hemişelik iş toparyny döretmek kararyna gelindi. Bu duşuşyk Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekilmegi bilen tamamlandy. Mundan başga-da, taraplar degişli dialogy dowam etdirmek üçin 2024-nji ýylda Halkara ýol ulaglary boýunça türkmen-gazak toparynyň indiki mejlisini geçirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir