şu gün Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Mejlisiň netijeleri boýunça şu aşakdaky resminamalara gol çekildi: Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir