Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 — 15-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergi geçiriler. Halkara sergä Türkmenistandan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew hem-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeş goýujysy Batyr Bekmyradow wekilçilik eder. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşmak üçin wekiliýet şu ýylyň 10 — 16-njy dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir