Şu gün Aşgabadyň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mediaforuma gatnaşyjylar Arkadag şäherine baryp gördüler we ol ýerdäki sport desgalaryny synladylar. Şäherdäki sport desgalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi myhmanlarda uly täsir galdyrdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, Aşgabatda dünýä ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we degişli güwänamalary gowşurdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir