Ozal habar berşimiz ýaly, 30-njy noýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň (COP-28) 28-nji maslahaty öz işine başlady. 12-nji dekabra çenli dowam etjek maslahata dünýäniň 140-dan gowrak ýurdunyň ýokary derejeli wekiliýeti, şol sanda Türkmenistan hem gatnaşýar. Maslahatyň dowamynda 1-2-nji dekabrda döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda COP-28 maslahatynyň utgaşykly mejlisleri geçiriler. Olarda howanyň üýtgemegine garşy durmagyň halkara maliýe binýadyny güýçlendirmek we bu ugurdaky hereketleri maliýeleşdirmekde hususy pudagy höweslendirmek, zeper we ýitgi gaznasynyň işini işjeňleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw meselelerini netijeli çözmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Plenar mejlisler bilen birlikde, howa meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli ugurdaş çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. COP-28 maslahatynyň netijeleri boýunça halkara resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan ozal, 17-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa COP-28 maslahatynyň netijeleri boýunça kabul ediljek resminamalary öwrenmek we seljermek, şeýle hem Türkmenistanyň olara goşulmagy baradaky meselä garamak barada tabşyryklary berendigini habar beripdik.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir