ABŞ-da täze, gibridli Kia Sorento 2024 görkezildi. Ondan öň awtoulag Günorta Koreýada hödürlenipdi. Bu ulag hatarynyň merkezinde bahasy 36 690 dollardan başlanýan Sorento Gibrid EX FWD bolmagyny dowam edýär. Bu model, beýlekiler ýaly, 44kW elektrik hereketlendirijisi we alty tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenen 1,6 litrlik turbo görnüşli dört silindrli hereketlendiriji bilen işleýär. Umuman alanyňda, Sorento Gibrid 227 at güýji we torky 350 Nm öndürýär. Sorento Gibrid EX FWD 2023-iň bahasy 36 590 dollardan başlaýar. Ähli tekerleri hereketli EX-e geçmek isleýän alyjylar geçen ýylkysyndan 600 dollar artyk pul çykaryp, 38 990 dollar tölemeli bolarlar. Öň hatarda durmagy dowam etdirýän Sorento Gibrid SX-P-iň bahasy geçen ýyl 42 390 dollar bolanlygyndan, häzirki wagtda 42 490 dollardan başlaýar. Howpsuzlyk aýratynlyklarynyň köpüsi tutuş hataryň standart toplumyna girýär. Aslynda, ähli bezeg derejeleri görünmeýän zolaklarda çaknyşmagyň öňüni alyş ulgamyny, sürüjiniň ünslüligini duýduryş ulgamyny, alyn tarapdan çaknyşmagyň öňüni alyş ulgamyny, gara ýollardan sürlende sürüjä kömek ulgamyny, uzak aralyga ýagtylyk tutulanda kömek ulgamyny, zolak saklaýyş kömekçisini we ýol duýduryşy kömekçisini öz içine alýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir