Täze nesil “Porsche Panamera” awtoulagynyň satuwa çykarylmagynyň öňüsyrasynda nemes awtoulag öndürijisi täze modeliň interýeriniň suratlaryny paýlaşdy. Täze “Panamera-nyň” öň paneli “Taycan” elektrik ulagynda ulanylan nusgany ýada salýar. Ulagyň funksiýalarynyň köpüsi displeýler ýa-da sensorly düwmeler arkaly dolandyrylýar. Gurallar paneli hökmünde 12 dýuýmlyk ekran peýdalanylýar. Media ulgamynyň esasy ekranyndan başga-da, ýolagçy tarapynda üçünji ekran hem ýerleşdirilipdir. Yzky ýolagçylar üçin yşyklandyryş, multimedia we nawigasiýa ýaly awtoulagyň käbir funksiýalaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän başga bir ekran göz öňünde tutulypdyr. Awtoulagyň adaty nusgadan başga-da, uzyn syýahatlarda rahatlygy üpjün edýän oturgyçlary bolan giňeldilen görnüşiniň hem boljakdygy mälimdir. Täze “Panamera-daky” geçiriş gutusynyň selektory ruluň sag tarapynda ýerleşýär, bu bolsa oturgyçlaryň arasynda goşmaça ýer açmaga mümkinçilik berýär.