Fransiýanyň Ýaragly güýçleriniň 15 müň töweregi harby gullukçysy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary wagtynda howpsuzlygy üpjün etmek işine gatnaşar. Bu barada paýtagtda howpsuzlyga jogapkär general Kristof Abada salgylanyp, Ouest-France gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär. Generalyň aýtmagyna görä, “15 müň harby gullukçydan 10 müňüsi Pariziň Il-de-Frans sebitinde hereket eder”. Abad “Oýunlaryň çäklerinde ýaryşlaryň geçirilýän wagty 5 müň harby gullukçynyň Parižiň 12 okrugynda çadyrlarda ýerleşdiriljekdigini” belleýär. Öň transporta jogapkär ministr-delegat Kleman Bon Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde sport çäreleriniň geçirilýän wagty paýtagtda hereket etmegiň kyn boljakdygyny aýtdy. Pariždäki Olimpiada 26-njy iýuldan 16-njy awgust aralygynda geçiriler. actu.fr portalynyň Parižiň syýahatçylyk ofisine salgylanyp habar berşi ýaly, paýtagtyň myhmanhanalarynda ýaşamagyň ortaça bahasy 300%-den gowrak, ýagny bir gije üçin 699 ýewro çenli ýokarlanar. Şäher tomusky ýaryşlaryň dowamynda 20 milliona golaý syýahatçyny kabul etmäge garaşýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir