Electronic Arts kompaniýasy EA Sports FC 24 oýnunda wirtual Ýewropa çempionaty-2024-üň geçiriljekdigini yglan etdi. Doly derejeli çäre iýun aýynyň başynda başlar we 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriljek hakyky Ýewro-2024 futbol ýaryşyna gabat getiriler. Awtorlar ýaryşa FIFA seriýasyndaky öňki çempionatlara mahsus bolan hakykylyk bilen çemeleşmegi wada berýärler diýip, championat.com belleýär. 16-njy ýanwara çenli futbol simulýatorynda, iň bolmanda, bir oýun oýnaýan geýmerler Ultimate Team režiminde Ýewro-2024-üň alty oýunçysyndan birini alar. Mundan başga-da, geýmerler kibersport Ýewro-2024 ýaryşyna gatnaşyp, wirtual meýdançalarda öz ýurtlaryny görkezip bilerler. Electronic Arts ýakyn aýlarda geljekki uly çäre barada jikme-jik maglumatlary yglan eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir