Gamers Nexus portalynyň tehnoblogerleri 2023-nji ýylyň jemini jemlediler. Blogerler gözleg geçirip, soňky 12 aýda dürli kategoriýadaky iň gowy prosessorlary saýladylar diýip, championat.com habar berýär. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda iň gowy prosessor AMD Ryzen R7 7800X3D boldy – ol rekord oýun öndürijiligini üpjün edýär we gündelik işlerde-de özüni örän gowy görkezýär. Çibiň bahasy riteýlere baglylykda, takmynan, 370 – 400 dollara barabardyr. Bahanyň we öndürijiligiň artmagynyň gatnaşygy nukdaýnazaryndan apgreýd üçin iň gowy wariant AMD Ryzen R7 5800X3D boldy. Oýunlarda iň gowy öndürijilik barada aýdylanda, hünärmenler bu kategoriýada hem AMD Ryzen R7 7800X3D çibini aýratynlandyrdylar. Ol synaglaryň ençemesinde özüni beýleki modellerden has gowy görkezýär. Şu ýyl tehnoblogerler ilkinji gezek täze kategoriýany – ýylyň lapykeçligini hödürlediler. Dogrusy, oňa bir prosessor däl-de, 14-nji nesil Intel çipleriniň tutuş hatary girdi. Gamers Nexus boýunça, 2023-nji ýylyň iň gowy prosessorlary: Ýylyň prosessory – AMD Ryzen R7 7800X3D Oýunlar üçin iň gowy prosessor – AMD R7 7800X3D Iň gowy arzan prosessor – AMD R7 5700 X ýa-da AMD R5 7600 Iň amatly apgreýd – AMD R7 5800X3D; Energiýa taýdan netijeli prosessor – AMD Threadripper 7980X Ýylyň lapykeçligi – 14-nji nesil Intel prosessorlarynyň tutuş hatary.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir