Geljekde emeli aňyň ösüşi adamzada iş hepdesiniň dowamlylygyny üç güne çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle pikiri milliarder Bill Geýts Spotify platformasynda “What Now?” podkasty üçin söhbetdeşlikde aýtdy diýip, rbc.ru habar berýär. Emeli aňyň ösmegi iş orunlaryna howp salýarmy diýen soraga jogap hökmünde milliarder günlerde bir gün adamlaryň “şeýle köp işlemeli bolmajak wagtynyň” geljekdigini aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, ahyrky netijede şeýle bir dünýä emele geler, ýagny onda ähli iýmitleri we beýleki zatlary maşynlar öndürip biler. “Eger ahyrky netijede siz hepdede üç gün işlemeli jemgyýete eýe bolsaňyz, bu, ähtimal, gowy bolar” – diýip, Geýts hasaplaýar. Belläp geçsek, Geýts “Forbes” žurnalynyň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 117,1 mlrd dollar baýlygy bilen ýedinji orny eýeleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir