«Audi» 25 ýyllyk önümçilikden soň «TT» modelini çykarmagyny bes etdi. Kupeniň soňky nusgasy kompaniýanyň Dýere şäherinde ýerleşýän (Wengriýa) zawodynda öndürildi. «Audi TT» ulagynyň prototipi ilkinji gezek 1995-nji ýylda Frankfurt halkara awtoulag sergisinde görkezilipdi, 1998-nji ýylyň fewral aýynda bolsa kupe kuzowly awtoulag köpçülikleýin öndürilip başlandy. Bir ýyldan soň «TT» kysymly ulaglaryň hatarynda rodster görnüşli ulag peýda boldy. Önümçiliginiň dowamynda awtoulagyň üç nesli çalşyldy, modeliň öndürilen umumy sany 662,8 müňe golaý boldy. «Audi TT-niň» üçünji nesli «Volkswagen Golf» we «Skoda Oktawia» ýaly awtoulaglaryň binýadyny emele getirýän «MQB» modul platformasyna esaslanýar. Bu model önümçilikden aýrylmazdan öň onuň birnäçe ýörite hoşlaşyk nusgalary çykaryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir