iGreen kompaniýasy diňe bir smartfonyň goragy üçin däl, eýsem planetany ýaşyllaşdyrmak üçin ulanyp boljak iPhone daşlyklaryny hödürledi. Aksessuar içine dürli ösümlikleriň tohumy salnan doly kompostirlenen materialdan taýýarlanandyr diýip, rbclife.ru habar berýär. Işläp düzüji munuň ulanylyşdan soň topraga oturdyp, ondan owadan gülleriň hem ösümlikleriň ösüşine syn edip boljak dünýäde ilkinji we ýeke-täk iPhone daşlygydygyny belleýär. “Taýýarlamak üçin ulanylan material tohum saklaýar. Daşlyk üç reňkde (ýaşyl, gök we sary) elýeterli. Her reňk aýratyn bir tohuma gabat gelýär: ýaşyl – reýhan, gök – syçangulak, sary – çopantelpek” – diýlip, beýanda aýdylýar. Kompaniýa şeýle daşlyklaryň üsti bilen ekologiýa meselesine – gaýtadan işlenilmeýän plastikden aksessuarlaryň önümçiligine ünsi çekmek isleýär. “Her ýyl dünýäde 1 milliarda golaý daşlyk satylýar. Olaryň her biri diýen ýaly 20 g töweregi gaýtadan işlenilmeýän plastik saklaýar. Her ýyl diňe smartfonlar üçin daşlyklary taýýarlamak üçin 20 müň tonnadan gowrak plastik öndürilýär. Bu material ortaça 500 ýylda dargaýar”. iGreen Cover mekgejöwen krahmalyndan – tohumlary iýmitlendirýän organiki birleşmeden taýýarlanýar. Tohumlaryň özi daşlygyň iç ýüzünde ýukajyk suwda ereýän plýonkanyň aşagyndadyr. Eger daşlygy suwa salyp, suwarsaň, plýonka erär we tohum materialyny daşyna çykarar. Ösümligi ösdürip ýetişdirmek üçin, daşlygy toprakly güldana 30 gradus burç bilen ýerleşdirmeli, soňra “suw, Gün şöhlesini we söýgi goşmaly” hem-de birnäçe hepde garaşmaly. Ýaşyl aksessuardan reýhan, sarydan çopantelpek, gökden syçangulak öser. iGreen Cover iPhone 13 Pro, 14 Pro we 15 Pro üçin hödürlenýär. Bir daşlygyň bahasy 17,99 ýewro barabar.