“Bawariýanyň” hüjümçisi Garri Keýn Bundesliganyň 12-nji tapgyrynyň “Kýoln” bilen oýnunda gol bilen tapawutlandy. 30 ýaşly oýunçy duşuşygyň 20-nji minutynda hasaby açdy. Bu hüjümçiniň 2023-nji ýylda “Bawariýa”, “Tottenhem” we Angliýanyň milli ýygyndysy üçin 49-njy goludyr. Hiç bir futbolçy ondan köp gol geçirmändi. Şeýlelikde, Keýn bu görkeziji boýunça “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holanddan we “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňde barýar. Olaryň hasabynda 48 gol bar. “PSŽ-den” Kilian Mbappede bolsa 47 gol bar. Belläp geçsek, Germaniýanyň çempionatynyň 12 tapgyryndan soň “Bawariýa” 32 utuk bilen häzir birinji orny eýeleýär. Ýöne Lewerkuzeniň “Baýeriniň” (31 utuk) ätiýaçda oýny bar. “Kýoln” Bundesliganyň 12 tapgyryndan soň alty utuk gazanyp, ýaryş jedwelinde 18-nji orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir