“Ýewropada ýylyň awtomobili – 2024” adyna dalaş etmekde Hytaý öňdebaryjydyr. Ýagny, bu ady almak üçin Hytaýda öndürilen ýedi model dalaşgär boldy. Sanawa jemi 28 dalaşgär girdi. Olaryň 25%-i hytaý modelleridir: BYD Atto 3 (Yuan Plus), BYD Han, BYD Dolphin, BYD Seal, Nio ET7, Smart#1 we Volvo EX30. Dalaşgärleriň doly sanawy şeýle görnüşde: ·BMW 5-Series ·BMW XM ·BYD Atto 3 ·BYD Dolphin ·BYD Han ·BYD Seal ·Fiat 600e ·Ford Bronco ·Honda CR-V ·Honda e:NY1 ·Honda ZR-V ·Hyundai Ioniq 6 ·Hyundai Kona ·Jeep Grand Cherokee ·Kia EV9 ·Lexus RZ ·Lucid Air ·Mercedes-Benz E-Class ·Mercedes-EQ EQE SUV ·Nio ET7 ·Peugeot E-3008/3008 ·Renault Espace ·Renault Scenic ·Smart #1 ·Toyota C-HR ·Toyota Prius ·Volkswagen ID.7 ·Volvo EX30 Dalaşgärleriň 21,4%-i (6) ýapon awtomobilleri, 17,8%-i (5) nemes awtomobilleri, 10,7%-i (3) amerikan awtomobilleri, ýene 10,7%-i (3) koreý, 10,7%-i (3) fransuz, 3,7%-i (1) italýan awtomobilleridir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir