«Milanyň» italiýaly hüjümçisi Françesko Kamarda “Fiorentina” bilen Italiýanyň çempionatynyň iň ýokary ligasynda meýdança girdi we A Seriýada çykyş eden iň ýaş futbolçy boldy. Şol duşuşykda «Milan» «Fiorentinany» 1:0 hasabynda ýeňdi. Hüjümçi 15 ýaş, 8 aý, 15 günlük bolanda ilkinji gezek ýokary ligada çykyş etdi. Öňki rekord 15 ýaş, 9 aý 1 günlük bolanda meýdança giren, “Boloniýanyň” italiýaly goragçysy Uizdom Amiýä degişlidi. Bu möwsümde Kamardanyň hasabynda 19 ýaşa çenli oýunçylardan düzülen “Milan” topary üçin oýnalan 15 oýunda salnan 7 gol we 2 sany netijeli pas bar. Şeýle hem italiýaly oýunçy 17 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Italiýanyň milli ýygyndysy üçin oýnalan 6 oýunda 4 gol geçirdi we 1 gezek netijeli pas berdi. Stefano Pioliniň oýunçylary 13 oýundan 26 utuk toplap, Italiýanyň çempionatynda üçünji orunda barýarlar. “Fiorentina” 20 utuk bilen altynjy orunda barýar. Indiki tapgyrda “Milan” 2-nji dekabrda “Frozinoneni” kabul eder, “Fiorentina” ertesi gün öz öýünde “Salernitana” bilen oýnar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir