Hindistanyň Aditya-L1 kosmos stansiýasynyň uçuşy soňky tapgyra gadam basýar, enjam 2024-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli Güne gözegçiligi amala aşyrjak Lagranž L1 nokadyna ýeter. Bu barada hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnath mälim etdi. Somnath Press Trust of India habarlar gullugyna beren interwýusynda: "Aditya ýolda. Meniň pikirimçe, ol soňky tapgyryna ýeteňkirledi" - diýdi. Onuň sözlerine görä, stansiýanyň L1 nokadyna girmegi üçin soňky taýýarlyk görülýär. Somnath "L1-e girmek üçin iň soňky hereketler 7-nji ýanwara çenli tamamlanyp biler" – diýip Somnath sözüniň üstüni ýetirdi. Güni öwrenmek boýunça ilkinji Aditya-L1 hindi awtomatiki stansiýasy 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykaryldy; üç hepde töweregi wagtdan soň enjam Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadyna tarap barýan traýektoriýa geçirildi. Uçuş 125 gün dowam etmeli. Enjam eýýäm Gün ýeli barada ylmy maglumatlary ýygnamaga başlady. Lagranž nokadynda stansiýa Ýere we Güne görä hereketsiz galyp, Gün şöhlesini ýazga almak bilen, Güne erkin gözegçilik edip biler.