«Apple» korporasiýasy ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny goramagyň täze usullaryny patentledi. Žurnalistler amerikan korporasiýasynyň internetde peýda bolan iki sany patentine ünsi çekdiler. Birinjisine görä, «Apple» smartfonlaryň ekranynyň burçlaryny garaňkylaşdyrjak ýörite sazlamany döretmegi göz öňünde tutýar. Bu ýagdaýda, beýleki ulanyjylar enjamyň ekranyndaky maglumatlary görüp bilmezler: şonuň üçin parollary ogurlamak has kynlaşar. Ikinji patente görä, şuňa meňzeş tehnologiýa «Mac» kompýuterleriniň ekranlary üçin ulanylyp bilner. Resminamada ekrandaky maglumatlary okamagyň kyn bolmagy üçin ulanyjynyň ony garaňkylaşdyryp biljekdigini aýdylýar. Bellenilmegine görä, bu funksiýanyň ornaşdyrylmagynyň sebäbi «Apple» enjamlarynyň ekranlarynyň görüş burçunyň 170 gradusdan ýokary bolmagydyr, bu bolsa kezzaplaryň işini aňsatlaşdyrýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir