«Red Bull-yň» niderlandly sürüjisi Maks Werstappen «Formula-1» möwsüminiň Abu-Dabide geçirilen soňky ýaryşynda ýeňiji boldy. Şeýlelikde, ol karýerasyndaky 54-nji ýeňşini gazandy we bu görkeziji boýunça Sebastýan Fettelden öňe geçdi. Şeýle hem öňdäki üçlüge ýeňiji Şarl Lekler (Ferrari) we Jorj Rassel (Mersedes) girdi. Werstappeniň topardaşy Serhio Peres pellehanadan ikinji bolup geçdi, ýöne jerime zerarly münbere çykyp bilmedi. Werstappen möwsümdäki 19 ýaryşyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem ol «Gran Pri-däki» ýeňişleriniň sany boýunça (54) Sebastýan Fetteli yzda galdyryp, üçünji orna çykdy. Onda öňde ýeňişleriniň sany boýunça diňe Mihael Şumaher (91) we Hamilton (103) bar. Werstappen oktýabr aýynyň başynda Katar tapgyrynda möhletinden öň çempion boldy, bu niderlandly türgeniň yzly-yzyna üçünji baýragy. «Red Bull» Konstruktorlaryň kubogynda möhletinden öň ýeňiji boldy, «Mersedes» ikinji orny eýeledi, «Ferrari» bolsa ondan bary-ýogy üç utuk yzda galdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir