«Al-Nasryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň şanyna muzeý döredildi. Muzeý Er-Riýad şäherinde ýerleşýär. Serginiň özi oýunçynyň karýerasyndaky iň möhüm pursatlar barada gürrüň berýär. Portugaliýa futbolçy muzeýe baryp gördi. Bu ýerde onuň mumdan ýasalan heýkeli hem ýerleşdirilipdir. Bu barada Ronaldu sosial ulgamdaky sahypasynda: «Bu meniň taryhym. Madeýradan başlap, Saud Arabystanyna çenli» diýen ýazgyny paýlaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir