«Xiaomi» kompaniýasy «Apple Watch-a» meňzeş şekilde döredilen täze «Redmi Watch 4» akylly sagadynyň çykjakdygyny yglan etdi. «Redmi Watch 4-iň» iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň korpusynyň alýumin garyndysyndan ýasalmagydyr. Bu «Redminiň» demir korpusly ilkinji akylly sagady bolar. Çarçuwanyň üstini poslamaýan polatdan ýasalan aýlanýan dolandyryş düwmesi ýetirýär Enjamda 60 Hz täzelenme tizligi bolan 1,97 dýuýmlyk AMOLED ekran ornaşdyrylar. Ekran 600 nit ýagtylyga ýetmäge ukyplydyr, bu bolsa ony açyk howada ulanmak üçin amatly edýär. Şeýle hem ekranda batareýanyň uzak ömrüni üpjün edip, energiýa sarp edilişini azaltmaga kömek edýän LTPS tehnologiýasy ulanylar. «Redmi» «Watch 4» üçin 200-den gowrak sagat ýüzüniň döredilendigini yglan etdi, bu bolsa ulanyjylara akylly sagadynyň görnüşini şahsy stiline laýyk getirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem kompaniýa sagadyň dört görnüşli: metal, deri, mata we silikon kemerler bilen satyljakdygyny tassyklady. Akylly sagadyň beýleki aýratynlyklary häzirlikçe nämälimligine galsa-da, onuň suwa garşy çydamlylyk we nawigasiýa üçin GPS goldawy bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, sagadyň ýürek urgusynyň barlagy we SpO2 gözegçiligi ýaly köp sanly saglyk maksatly aýratynlyklar bilen üpjün ediler.