Ýetmiş ýaşly gardaş, girmegil ýaýa, Okuň ýaýa barmaz gezemek bilen: Guwanma kesekden bolan binaýa, Kesek bina tutmaz, düzemek bilen. Adamzatdan çykar adamlyk ysy, Galp adamyň basym biliner misi, Müýemüne azar biýr adamyň pisi, Dönüp dawa tutar duz-emek bilen. Uzak ýola bidöwletni baş etme, Erki elden berip, köňli daş etme, Akmaga iç berip, syryň paş etme, — Galbirde suw durmaz, gezemek bilen. Dost tutma köp ýaşly adam-kösesin, Baryn «ýok» diýr, boş görkezer kisesin. Biribar boş etse aklyn käsesin, — Ne peýda, daşyndan bezemek bilen. Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil, Özüňni sen özgelere göz etgil, Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil, — Ne bar manysyz söz uzamak bilen!
Gezemek bilen
- 
                Auditor
                14 years ago
                
 - Gowy goshgy!
 
- 
                lapocka
                14 years ago
                
 - Wah magtymguly pragymyzñ go$gularyna söz ýok!
 
- 
                beyonce
                14 years ago
                
 - sag bol kop kop.manyly goshgy eken
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
 - betje hem-de gytja
 
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
 - Sag bolsuny Magtymguly Pyraga aýdyñda-how! :-D
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
 - sag bol Magtymguly Pyragy! Yatan yeriñ yagty bolsun! Boldymy adgjm...
 
- 
                Auditor
                14 years ago
                
 - Alla yalkasyn Magtymguly Pyragyny. Gaty betje goshgulary bar! Adgjmptw size ayratyn sag bolsun bize yetrip duranynz ucin! Natdi?!
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
 - cözdi?
 
- 
                Adgjmptw
                14 years ago
                
 - Howwa, çözdi.
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
 - hany ciger yalagam bir go$gujyk yazyñda
 
- 
                Auditor
                14 years ago
                
 - Adgjmptw agzamz sunk eder ony hazr
 
- 
                Auditor
                14 years ago
                
 - Adgjmptw agzamz sunk eder ony hazr
 
- 
                Auditor
                14 years ago
                
 - Adgjmptw agzamz sunk eder ony hazr
 
- 
                p0e0r0i0j0i0k
                14 years ago
                
 - bolya 1 gezekde-de dü$ünyas ko$e$ auditorjan
 
- 
                Auditor
                14 years ago
                
 - Ony ineda diy. Ol meni gaty gowy gorenson hatlarmy gosha goshadan iberya
 
hajy92 14 years ago- yaman gowy goshgy eken sg boldost