«Çelsiniň» we Çehiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Petr Çeh Britaniýanyň Saýlama hokkeý ligasynda (EIHL) «Belfast Jaýants» toparynyň düzüminde ilkinji oýnuna çykdy. Ol eýýäm indiki oýunda toparyň başlangyç düzüminde meýdança çykyp biler. Çeh 25-nji noýabrda «Glazgo Klen» bilen duşuşygyň ahyrynda buz meýdançasyna çykdy, ol bary-ýogy bäş minut oýnady we bir urgyny saklady. Ol şikes alan derwezeban Taýler Beskorowanynyň ornuna çykdy. Çehiň buzda peýda bolmagyny tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalary bilen goldadylar. «Belfast» derwezebanlar Endrýu Dikson we Jekson Wistliň şikesleri sebäpli 15-nji noýabrda aşaky diwiziondaky «Oksford Siti Starz» toparynda çykyş edýän 41 ýaşly Çehi düzümine goşdy. Beskorowanynyň şikesi agyr bolsa, Çeh şu ýekşenbe güni «Nottingem Panters» bilen geçiriljek duşuşykda başlangyç düzümde oýna çykmaly bolar. Çeh dört gezek Angliýanyň çempiony boldy, Çempionlar ligasynda we Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Ol Çehiýanyň milli ýygyndysynda 124 oýunda çykyş etdi. Çeh 2019-njy ýylda futbolçy hökmünde karýerasyny tamamlandan soň, «Çelside» işledi we britan hokkeýiniň aşaky diwizionlarynda oýnady. Petr Çeh Angliýanyň futbol we hokkeý boýunça ýokary diwizionlarynda oýnan ilkinji türgen boldy. «Belfast» EIHL-iň häzirki çempiony.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir