17-nji noýabrdan 26-njy noýabr aralygynda Portugaliýanyň Albufeýra şäherinde kikboks boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa gatnaşyjylar dürli agram derejelerde dünýä çempiony ady ugrunda göreşdiler. Kikboks boýunça dünýä çempionaty dünýäniň dürli künjeginden iň gowy kikboksçylary bir ýere jemledi. Sportuň bu görnüşi janköýerleriň we tomaşaçylaryň arasynda eýýäm köpden bäri meşhurdyr. Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hökmünde çykyş eden Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary 3 bürünç medal gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, Hojalyýew Geldimuhammet 75 kg agram derejesinde Lowkick görnüşi boýunça Slowakiýadan, Täze Zelandiýadan we Ukrainadan gelen türgenler bilen üç tutluşyk geçirdi. Ol üçünji orna mynasyp boldy. Türgen Gurbannazarow Gurbanmuhammet hem 75 kg agram derejesinde çykyş edip, Fullcontact görnüşi boýunça Portugaliýadan, Gresiýadan we Gazagystandan türgenler bilen tutluşdy we 3-nji orna mynasyp boldy. Bazarow Narzulla 71 kg agram derejede Fullcontact görnüşi boýunça çykyş etdi. Ol Kuweýtden, Özbegistandan we Gazagystandan türgenler bilen tutluşyp, bürünç medala mynasyp boldy. Bütindünýä kikboks federasiýasynyň (WAKO) prezidenti Roý Beýkeriň gatnaşmagynda geçirilen sylaglama dabarasynda türkmen türgenlerine ýörite kikboks şahadatnamalary gowşuryldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir