Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistana iş saparynyň dowamynda wise-premýer, bilelikdäki azerbaýjan-türkmen Hökümetara toparynyň egindeş başlygy Batyr Atdaýew bilen bilelikde «Agro-Pack Turkmenistan 2023» halkara sergisine gatnaşdy. Bu barada ministr X sosial ulgamyndaky akkauntynda ýazdy. “Biz önümçiligiň innowasion mehanizmlerini hödürleýän bu sergide senagat, oba hojalygy, azyk önümçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, gurluşyk, logistika, dokma we beýleki pudaklarda hereket edýän halkara kompaniýalar tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmagy, çeşmelerden netijeli peýdalanmagy we ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwrebap çözgütleri üpjün edýän innowasiýalar bilen tanyşdyk” – diýip, ministr ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir