Şu gün, milli ýygyndylaryň oýunlary sebäpli ýüze çykan arakesmeden soň, futbol boýunça Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary dowam etdiriler. Sişenbe güni, 28-nji noýabrda Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň sekiz oýny geçiriler. Has gyzyklylarynyň arasynda F toparçadaky oýunlary bellemek bolar, onda toparlaýyn tapgyryň gutarmagyna iki tapgyr galanda dört klubuň hemmesi 1/8 finala çykmak mümkinçiligini saklaýar. Häzirlikçe 7 utuk bilen Dortmundyň “Borussiýasy” öňdebaryjy. Onuň yzyndan “Pari Sen-Žermen” (6), “Milan” (5) we “Nýukasl” (4) gelýär. Şu gün üçin tertip şeýle görnüşde: E toparça: “Lasio” – “Seltik”, “Feýenoord” – “Atletiko”. F toparça: “Pari Sen-Žermen” – “Nýukasl”, “Milan” – “Borussiýa” (Dortmund). G toparça: “Mançester Siti” – “Leýpsig”, “Ýang Boýz” – “Srwena Zwezda”. H toparça: “Şahtýor” (Donesk) – “Antwerpen”, “Barselona” – “Portu”. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyry 13-nji dekabra çenli dowam eder. Birinji we ikinji orunlaryň eýeleri ýaryşyň pleý-offunda göreşi dowam etdirer. Üçünji orunlary eýelän toparlar Ýewropa ligasyna çykar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir