Nýu-Ýork uniwersitetiniň Grossman lukmançylyk mekdebiniň doktory Emili Jonston ýeralmanyň bedeni kuwwatlandyrýan çylşyrymly uglerodlara baýdygyny gürrüň berdi. Galyberse-de, düzüminde kaloriýanyň az bolmagy ony berhizlik iýmit hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu barada «American Heart Association (АНА)» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Jonston ýeralmany taýýarlamagyň syryny hem paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, bu bakja önümini köp ýagda gowurmaly däl. Onuň gaýnadylan görnüşi saglyk üçin has ýaramlydyr. Şeýle hem ýeralma taýýarlananda, duzy köp atmaly däl. Ýeralma bedeniň immun ulgamyny goldamak üçin wajyp bolan С ýokumyna baýdyr. Düzümindäki kletçatkalar bolsa, iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdalydyr. Lukman kletçatkalaryň ýeralmanyň gabygynda has köpdügi üçin, ony daşyny artman taýýarlamagy maslahat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir