Hytaýyň demirgazygynda pnewmoniýa (öýken sowuklamasy, öýken çişmesi) keseliniň möwjemegi sebäpli hassahanalar doldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Hassalaryň esasy bölegi çagalar. Kesellileri bejermek üçin lukmanlaryň sany köpeldildi diýip, «Reuters» habar berdi. HHR-niň häkimiýetleri keseliň köpçülikleýin ýaýramagyny möwsümleýin dümew bilen baglaýarlar. Ýerli ýaşaýjylara sanjym almak we agyz-burun örtügini dakynmak maslahat berilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Pekinden alnan maglumatlar esasynda, kesellilerde adaty bolmadyk ýa-da täze üýtgeşmeleriň hasaba alynmandygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir