«Aardman Animations» studiýasy öz muşdaklaryny geljekki taslamalaryny taýýarlamak üçin çig malyň, ýagny plastiliniň ýeterlikdigi baradaky habar bilen köşeşdirdi. Bu barada studiýanyň wekilleri sosial ulgamlarda habar berdiler diýip, «Film.ru» ýazýar. «Biz özümiziň geljekki döretjek işlerimiziň ykbaly barada ynjalyksyzlanma üçin minnetdarlyk bildirýäris, şonuň üçin muşdaklarymyzy alada edere zat ýokdugy üçin köşeşdirmek isleýäris. Biziň häzirki we geljekki önümlerimizi üpjün etmek üçin ýeterlik plastilinimiz bar» diýlip, «Aardman» studiýasynyň habarynda aýdylýar. Öň studiýa üçin plastiliniň ýetmeýändigi barada «The Telegraph» gazeti habar beripdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, muňa studiýany bu çig mal bilen esasy üpjün ediji «Newplast» kompaniýasy sebäp bolupdyr. Ähli plastilin bolsa, 2024-nji ýylda ekranlara çykmaly «Uolles we Gromit» atly multfilm üçin sarp edilipdir diýlip, ady tutulan gazet ýazypdy. «Aardman» studiýasynyň indiki taslamasy bolan «Towuk ketekden gaçyş-2» multfilmi «Netflix» meýdançasynda 15-nji dekabrda görkeziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir