Gündogar senenamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyl Ýaşyl agaç aždarhanyň ýyly hasap edilýär. Geljek ýylda şowlulygyň we abadançylygyň ýaran bolmagy üçin Täze ýyl geýimlerini saýlan mahalyňyz bu mifiki jandaryň isleglerini göz öňünde tutmak möhümdir. Reňk Aždarha imperatorlygyň häkimiýetiniň we rahatlyga ymtylmagyň nyşanydyr. Şonuň üçin Täze ýyl geýimleriniň reňki açyk we gelşikli bolmalydyr. Terrakota, gyzyl, altynsow we kümüş öwüşginli reňkler laýyk bolar. Aždarhanyň derisini ýada salýan uçgunlar bolsa hem gelşikli bolar. 2024-nji ýyl — Ýaşyl Aždarhanyň ýyly bolansoň, ýylyň esasy reňkiniň ýaşyl boljakdygy göwnejaýdyr. Narpyzdan zümerrede çenli halaýan reňk öwüşginleriňizi saýlap bilersiňiz. Ak we gök reňkleri saýlamaly däldir. Hytaýda ak ýas reňki hasaplanýar, gök reňki bolsa aždarha halamaýar. Täleýnama boýunça maslahatlar Ot nyşanlylara — hamallara, sowurlara we kowuslara iň gowsy gyzyl-altyn reňk laýyk bolar. Ýer nyşanlylara — jedi, sünbüle hem-de sowurlara — sary-altyn öwüşginler, şeýle-de goňur öwüşginli we metal şekilli matalar kybap geler. Suw nyşanlylara — balyklara, seretanlara hem-de akraplara kümüşsöw öwüşginler ýa-da ak-altyn reňkli geýimler şowly bolar. Howa nyşanlylara — ekizeklere, terezilere we daluwlara — akwamarin, sapfir ýa-da birýuza ýaly ýaldyraýan reňkler göwnejaý bolsa gerek. 2024-iň Täze ýyl keşbinde aksessuarlar we materiallar Täze ýylyň keşbinde aksessuarlar aýdyň we göze ilýän görnüşde bolmalydyr. Esasan hem uly daşlar, göwrümli şaý-sepler, ýalpyldawuk zaponkalar, gulakhalkalar, ajaýyp broşkalar, uly ysyrgalar we saçbaglar has gelşikli keşbi döreder. 2024-nji ýylyň baýramçylyk lybaslary mahmal, ýüpek, parça, atlas ýaly gymmat bahaly we owadan matalardan tikilen bolmalydyr. Peýdalanylan çeşme: Общественная Служба Новостей

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir