Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 4-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Nýu-Delide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde medeni çäreler hem geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin ýurduň döredijilik wekiliýeti şu ýylyň 2 — 5-nji dekabry aralygynda Hindistan Respublikasynda iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir