Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 23 — 25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Yspyhan şäherinde geçirilen Medeniýet günleriniň ilkinji gününde ýurduň amaly-haşam sungat eserleriniň, hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün medeniýet we sungat ussatlarymyzyň konserti hem geçirildi. Medeniýet günleriniň ikinji güni iki dostlukly ýurtduň ýazyjydyr şahyrlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagynda gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň many-mazmuny, umumadamzat gymmatlygy barada, şol sanda şahyryň döredijiligini öwrenmek boýunça alymlar tarapyndan birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Mundan başga-da, Yspyhan şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Istärin» hem-de «Gyzyl kürte» ýaly filmler hem görkezildi. Ýurduň Yspyhanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde medeniýet we sungat işgärleri Yspyhan şäheriniň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklerine, medeni ojaklaryna gezelenç etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Belläp geçsek, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir