Harasatly ýel gatyşykly çabga ýagmagy netijesinde Türkiýäniň günorta we günorta-demirgazyk böleklerini basdy diýip, TRT habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi. Antalýa ülkesinde käbir ilatly ýerleriň suwa gark bolandygy habar berilýär. Esasan hem, Izmir şäherinde çabganyň köp düşmegi bilen baglylykda, onuň çet-gyralarynda deňiz suwlary kenardan çykdy. Çaklamalara görä, çabgalar golaý wagtda ýurduň merkezinde hem dowam eder diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar. Şeýle-de okaň: Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir