17 — 24-nji noýabr aralygynda Belarus Respublikasynda «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň uly göwrümli «Daragt» filmi festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkezildi. 24-nji noýabrda bolsa, halkara kinofestiwalynyň ýapylyş hem-de onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol dabarada «Daragt» filmi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň «Serhetsiz kino» atly ugry boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky ýörite baýraklary GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow gowşurdy. Anfimowyň belleýşi ýaly, «Daragt» çeper filmi söýgi, wepalylyk, umyt we umumy taryh hakda hekaýalary özünde jemleýär. GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bu filmiň islendik adam üçin möhüm bolan ahlak gymmatlyklary özünde jemleýändigini belläp, onuň «Serhetsiz kino» baýragyna mynasypdygyny belledi. Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» filmi türkmen maşgalasynyň ykbaly barada gürrüň berýär. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe adamsyny urşa ugradan baş gahryman Näzik ondan bäri ençe ýyl geçenem bolsa, gursagynda onuň gaýdyp geljekdigine bolan ynamy besläp, umyt bilen garaşýar. «Listapad» atly XXIX Minsk halkara kinofestiwaly bir hepdäniň dowamynda Belarusyň dürli şäherlerinde geçirildi. Oňa üstümizdäki ýylda 107 döwletden 2087 sany çeper film hödürlendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir