Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklary üçin önüm öndürmek bilen bir hatarda, islendik çylşyrymlylykdaky önümçilik işini ýerine ýetirende adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän möwsümleýin iş lybaslaryny taýýarlaýar. Kärhananyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tikin sehinde 2021-nji ýyldan bäri uzynlygy we galyk derejesi boýunça dürli görnüşli kurtkalary, kombinezonlary, buşlatlary. jalbarlary, şeýle hem ýorgan-düşek daşlyklaryny we beýleki köp sanly zerur önümleri tikmek işi alnyp barylýar. Şeýle eşikleriň esasy maksady işçileri önümçilikde ýüze çykyp biljek dürli ýaramaz häsiýetli täsirlerden goramakdyr. Gorag eşikleriniň döredilmeginde we öndürilmeginde şeýle täsirleriň utgaşmasy kesgitleýji çözgüt bolup durýar. «Nebitmaşyň» berk matadan tikilen, rahatlygy we gowy gorag häsiýetleri bilen tapawutlanýan iş lybaslary bu ölçegleriň hemmesine laýyk gelýärler, şonuň üçin hem olar döwlet edaralarynda we hususy kärhanalarda uly islegden peýdalanýarlar. «Nebitmaş» DK önümçilikde ulanylyşynyň aýratynlyklaryny we müşderileriň şahsy isleglerini göz öňünde tutup, islendik mukdarda iş lybasyny taýýarlamak üçin sargytlary kabul edýär. Tikin sehiniň hünärmenleriniň belleýişleri ýaly, sargyt esasynda ýörite iş lybasy tikilende önümçiligiň işgärleriniň ähli aýratyn taraplary göz öňünde tutulýar, mysal üçin, lybaslar goşmaça jübüler bilen üpjün edilip bilner ýa-da işlemegi has amatly etmek üçin ýeňleri gysgaldyp bolar. Bu bolsa lybasyň diňe bir özüne çekiji däl-de, eýsem, şonuň bilen birlikde, amatly we rahat boljakdygyny aňladýar. Iş lybaslaryny tikmegi sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, 2008-nji köç., 6.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir