Hytaýyň Hançžou şäherinde 2-nji Bütindünýä sanly Söwda sergisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň halkara innowasiýa maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy diýip, «Howar» habarlar agentligi «Ženmin-Žibao» neşirine salgylanyp habar berdi. Bu çärä şeýle hem Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Mongoliýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Pakistandan we Özbegistandan hökümetleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, kärhanalaryň, inkubator platformalarynyň we Aziýa Ösüş Bankynyň 60-a golaý wekili gatnaşdy. Aziýa Ösüş Bankynyň döwlet dolandyryşynyň uly hünärmeni Arndt Husaryň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlary infrastrukturanyň pesligi, wençura kapitalynyň, ykdysady, söwda we tehnologiýa hünärmenleriniň ýetmezçiligi ýaly köp kynçylyklara duçar bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.