Gazagystanyň Kostanaý oblastynda polisiýa serhoş sürüjini saklady, ol ýol gözegçiliginiň işgärlerini özüni sürüji däl-de, ýolagçy diýip, aldamakçy boldy diýip, «GazTAG» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. «Mercedes» ulagly 34 ýaşly sürüji Tobyl şäherinde polisiýa saklanda, ruluň başyndady, ol serhoş ekeni, dessine gapdaldaky ýolagçy üçin orna geçdi we özüni ýolagçy diýip, ynandyrmakçy boldy. Emma ulagda ondan başda hiç kim ýokdy. Polisiýa işgärleri ony serhoş wagty ulag dolandyrandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekdiler. Kazyýet oňa 20 günlük tussaglyk belledi. «Degişgen» sürüjiniň «Mercedes-Benz» awtoulagyny elinden alyp, ýörite duralgada goýdular.