Türkmenabatly türgen Aýşirin Haýdarowa Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda finala çykan ilkinji türkmen türgeni boldy. Günüň birinji ýarymynda geçiren çärýekfinal duşuşygynda üstünlikli çykyş eden Aýşirin Haýdarowa ýarymfinalda indoneziýaly Sawira Diah Fitri Rizkiantini ýňip, adyny finala ýazdyrmagy başardy. Aýşirin Haýdarowanyň geçen ýyl Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanandygyny ýatladýarys.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir