Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji medalçysy belli boldy. Zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejäniň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gülşat Annaýewa ýarymfinalda eýranly Pardis Eidiwandiden üstün asgyn gelip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady. Gülşat Annaýewa kuraşyň Lebap mekdebiniň uçurymydyr. Türkmenabat şäherindäki sport mekdeplerinde türgenleşen Gülşat şu okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe boldy. Şirin Kubaýewanyň 20 ýaşly şägirdi halkara ýaryşlardaky ilkinji medalyny gazandy. Mundan ozal Aýşirin Haýdarowa bilen Aýnur Amanowanyň finala çyandygyny ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir