Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň iki agzasy Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Has takygy, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde Aýşirin Haýdarowa, 52 kilograam çenli agram derejesinde bolsa Aýnur Amanowa ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady. Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Aýşirin Haýdarowa final tutluşygyny özbegistanly Ulbusin Hakimowa bilen geçirip, garşydaşyndana asgyn geldi. Aýnur Amanowa bolsa iri ýaryşlaryň köpüsindäki esasy bäsdeşi özbek türgeni Hilola Ortikboýewadan ýeňildi. Şu gün türkmen türgenleriniň ýene üçüsi final duşuşygyny geçirer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir