Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek bilen, oňyn häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň gurluşy, alyp barýan işleri, onuň ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, toplumlaýyn maksatnamalaryň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berildi. Şunda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Duşuşykda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir