Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä YHG-nyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Gutlag hatlarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, YHG-nyň Sekretariatynyň işgärlerine bolsa mähirli gutlaglar, täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlar beýan edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir