«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýylyň-ýylyna hemmeleriň söýýän baýramçylygynyň we onuň dürli çäreleriniň bosagasynda ýokary netijelilikde iş alyp barýar. «Gapydan-gapa» tertibinde işleýän hyzmatyň özboluşly iş kynçylygy hem bolýar, sebäbi bu döwürde ýollamalaryň we banderollaryň sany — adamlaryň bu jadyly günlerde maşgalalaryna, dostlaryna we kärdeşlerine ugradýan baýramçylyk sowgatlary ep-esli artýar. Her bir sowgady alyja öz wagtynda ýetirmäge synanyşmak bilen, çaparlar ýollamalary Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki müşderilere hut özleri gowşurýarlar. Çapary öýüňize ýa-da ofisiňize çagyrmak mümkindir, sargydy bolsa kompaniýanyň web saýtyndan, (+993 12) 92 14 95 telefon belgisi arkaly, şeýle hem ähli tölegler Türkmenistanyň bank kartlarynyň esasynda awtomatiki usulda amala aşyrylýan «Çapar» mobil goşundysyndan amala aşyryp bilersiňiz. «Çapar» mobil goşundysy «Google Play» we «App Store» internet dükanlarynda elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir