24 — 27-nji noýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Halal EKSPO ─ 2023» sergisine Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan hem wekilleri bar. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 500-e golaý kompaniýa Stambul sergi merkezinde guralan ekspozisiýalarda öz halal önümlerini görkezdiler. Bu sergä her ýyl azyk önümçiligi, azyk tehnologiýasy, kosmetika, derman önümleri, dokma we dini önümleri öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşýarlar. Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň geçiren bu özboluşly sergisinde dünýäde halal önümçiligi eksport etmek boýunça öňden iş alyp barýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir