Türkmenistanly türgenler Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününe hem ýeňiş bilen başladylar. Türkmen ýygyndysyndan günüň ilkinji tutluşygyny erkekleriň arasynda 73 kiograma çenli agram derejesinde Şatlyk Jumanyyýazow geçirdi. Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän 24 ýaşly türgen 1/8 finalda şri-lankaly Rumeş Anuradha Silwany bary-ýogy 15 sekuntda ýeňdi. Şatlygyň çärýek finaldaky garşydaşy kamerunly Frank Junior Molakýe bolar. 66 kilograma çenli agram derejäniň wekili Döwlet Hamrakulyýew bolsa ýeňiş üçin Şatlykdan hem az wagty – 13 sekundy sarp etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby pakistanly Muhammad Şehroze Razini ýeňdi. Munuň üçin oňa bary-ýogy 13 sekunt gerek boldy. Erkekleriň arasynda iň ýeňil agram derejäniň – 60 kilograma çenli agramyň wekili Wepa Awlýakulyýew bolsa 1/8 finalda yrakly Mohammed Al-Garrawini ýeňip, çärýek finala çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir