Toýuň guramaçylygy — esasanam, jogapkärçilikli taýýarlyk görülýän döwürdir, sebäbi durmuş toýy adamyň ömründe bir bolýar we onuň dabaraly, ýatdagalyjy äheňde bolmagy gerek. Taýýarlyk işleri hemme zadyň talabalaýyk bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Toýuň bellenilýän ýeri — iň köp üns çekýän zat, sebäbi onuň dogry saýlanyp alynmagy hyzmatlaryň derejesini, myhmanlar hem-de ýaş çatynjalar üçin dabarany lezzetli geçirmegi kesgitleýär. Datly aşhanasy, owadan dizaýny, guramaçylykly hyzmatlary we amatly ygtybarly maksatnamalary bilen meşhur bolan Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany islendik dabarany, dynç alşy ýatdan çykmaz ýaly derejede bellemek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. «Ak Ýol» toý mekanynyň hyzmatlarynyň hataryna çadyrlar, toý lybasy, kürte, awtoulag bezegi, aýdymçylaryň çykyşlary we ş.m. kärendesine hödürlenýän hyzmatlar hem goşulýar. Mundan başga-da, «Ak Ýol» öz müşderilerine amatly töleg geçimegi — 36 aýa çenli bölekleýin garaşaryna tölemek şertini hödürleýär. Bulardan başga-da, «Ak Ýoluň» mugt hyzmatlary hödürleýändigini ýatladýarys. Olaryň hatarynda zalyň dizaýny, häzirki zaman yşyklandyryş we ses enjamlary, suratlary we wideolary görkezmek üçin ekranlar, lazer şüweleňi we tüsse enjamy hem-de süýjülik torty bar. Täze durmuş gurýanlaryň ählisine «Ak Ýoldan» sowgat hökmünde kaşaň myhmanhana otagy we «Linkoln» gelnalyjy awtoulagy berilýär. «Ak Ýol» toý mekanynyň garaşaryna töleg geçirmek hyzmatyndan peýdalanmak hem-de has giňişleýin maglumat almak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir