Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko özüniň meýilleşdirilen daşary ýurt saparlarynyň birnäçesiniň ýylyň ahyryna süýşürilendigini gürrüň berdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar. Belarusuň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, ol 30-njy noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde geçjek Howa boýunça sammite gatnaşmakçy. «Ýyl dartgynly boldy, esasan hem tomus-güýz döwründe. Biz saparlarymyzyň birgidenini has gijräge, gyşa süýşürdik. Şonuň üçin biraz içgysma hem duýulýar. Men golaý wagtda Dubaýda geçjek Howa boýunça sammitde Afrika döwletleriniň käbiriniň Prezidentleri bilen duşuşyp, olar bilen gepleşikleri ylalaşarys diýip garaşýaryn» diýip, Lukaşenko düşündirdi. Ol Belarusuň Afrika ýurtlary, şol sanda Zimbabwe we Ekwator Gwineýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini hem nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir