Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilaty süýt we şöhlat önümleri bilen üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda peýniriň 488 tonnasy, mesge ýagynyň 271 tonnasy, şöhlat önümleriniň bolsa 53 tonnasy taýýarlanyldy. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 5 million 131 müň manatlykdan geçdi. Taýýar önümler ýörite dükanlar arkaly ilata hödürlenilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir