Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Şatlyk Jumanyýazow Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyndaky ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Şatlyk 1/8 finaldaky tutluşygynda kamerunly Frank Junior Molakýeni ýeňip, adyny çärýek finala ýazdyrmagy başardy. Türkmenabatly tälimçiniň çempionatdaky ilkinji tutluşygynda şri-lankaly Rumeş Anuradha Silwany ýeňendigini ýatladýarys. Şeýle hem Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 1/8 finalda dominikanly Tomas Belen Santanany ýeňip, çärýek finala çykdy. Türkmen ýygyndysynda häzire çenli sekiz medal bar. Olaryň ählisi ýaryşyň birinji gününde gazanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir